Seŭitnazar SEŬDI
 (1775-1836)
Lipika:
“Lebap, hoş indi”, “Dönmenem, begler”, “Göpülsin indi”, “Zar bolup”, “Öòi-yzlary”, “Soltan, Hatyja”, “Beter, Hatyja”, “Gördüm, owadan”, “Boldy seŭranym”, “Şemşat”, “Gelinler”, “Gel, Arzygül, görüşeli”, “Garasaç”, “Habar ber, gardaşym”, “Zelilim”, “Tapylmaz”, “Ärşarynyò ŭigitleri”, “Bolan ŭerlerim”, “Ŭigitlik Çagy”, “Sen Çölüò”, “Üsti bedewiò”, “Gal indi”… 
Dessan:
 “Goşa Pudagym”, “Şirmaŭynama”.

DÖNMEM, BEGLER
Watan üçin òykardym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmem begler!
Diktir serim, düşmen duşman astyna,
Sil dey aksa, gandan ganmanam, begler!

Ilim uçin şirin candan geçer men,
Düldül münüp, ganat baglap uçar men,
Namart dälem, hakdan kasam içer men,
yanyp duran nar men, sönmenem, begler!

Yesip galmaz, oglan - uşak aglaŭyp,
Oda düşmez, aşyk yürek daglaŭyp,
Men hem şu gün Murtezadan çaglŭyp,
Kasam kyldym, ondan dänmenem, begler!

Tomaşa eyläòler kylan urşuma,
Yüz mün leşger çika bilmez garşyma,
Är digit men mertlik bilen durşuma,
Oda urarlar, men hem yanmanam begler!

"Är men" diyen çyksyn bile yörmäge,
Leşger tartyp, Mirhaŭdary urmaga,
Il-gün üçin şirin janym bermäge
Urdum başym, şertden synmanam, begler!

Hak ezelden saldy meni bu yola,
Jan bermeyen, diri düşmenem gola,
Tomaşa kylyòlar bulunan sile,
Niçe gan yuwutdym, ganmanam, begler!

Ärden öndüm, ärlik bilen öler men,
Kim dostum, duşmanym - parhyn biler men,
Söveşde aglaman, şat men, güler men
Namart bolup, dünya inmenem, begler!

Yat kylar men Göroglyny, Zamany,
Ali Murtezani - Şahymerdany,
Rustem, Zal, Iskender, Gajar pälvany,
Orta atdym, köpün sanmanam, begler!

Seŭdi çykdy atyn, ŭaragyn besläp,
Gan gördi gözlerim, ŭürek hövesläp,
Gaçmanam, öler men, köp leşger isläp,
Söveş üçin çykdym, dönmenem begler.

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com