(1942-1983)

Annasoltan Kekilova

 

GOŞGULAR KITAPLARY:

”ZENANLAR”, 1968

”GARA SAÇLARYM”, 1971

”ÖMÜRZAÝA ÝYLDYZYM”, 1992

BIZIÑ GAPYMYZDAN DAGLAR GÖRÜNÝÄR

Biziñ gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglañ hem öz ýüregniñ dagy bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniñ
Almaly, injirli gözel bagy bar.

Ugramakçy bolsam alys illere,
Şu daglardan pata alýan hoşlaşyp.
Galýar daglar meniñ dogduk ilimde,
Asmandaky bulutlara baş goşup.

Galýar daglar, galýar äpet bürgütler,
Gidýärin, alyslar garşylar meni.
Ýene daglar göz öñümde janlanýar,
Ýatlamda enemiñ aýdymlaryny.

”Bu daglañ gerşine näçe guş gondy,
Bu daglardan uçup gitdi näçe guş.
Näçe gezek bu daglarda buz doñup,
Näçe gezek ýuwdy gerşini ýagyş.

Öpdükä, gör, näçe ynsan aýagyn,
Bu daglañ göwsünde uzaýan ýollar?
Näçe gezek açyldyka gunçalap,
Sürçek gaýalarda ýylgyran güller”.

Gaýtalap enemiñ şu aýdymlaryn,
Bir wagtlar meñem ýumular gözüm.
Şonda daglar pata berer hoşlaşyp,
Asmandaky bulutlara baş goşup.

Biziñ gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglañ hem ýüreginiñ dagy bar.
egninde paralanyp bulutlañ,
Däli derelerniñ joşýan çagy bar.

MENIÑ TOPRAGYM

Indim men duýdansyz bu uly dünýä,
Döwrüñ aladalaryndan habarsyz.
Guşlañ owazyna meñzeş agyny,
Diñleýär meñ bilen biziñ asyrmyz.

Asyrmyz diñleýär.
Emma meñ üçin
Bu pursat jedelem, pikirlerem ýat.
Uklap ýatyr çal dumana bürenip,
Geljekki ýaşaýş,
Geljekki şöhrat…

Bar zat öñde –
Salgymlaryñ içinde,
Gara daglar deýin ýatyr garalyp,
Soñ daglara tarap bir ädim ädip,
Ömri dowam edýän, ölüp-dirilip.

Tapynýan özüme kybapdaş dost, ýar,
Synlaýan hezl edip aýdyñ gözleri,
Bir jahyl ýigit dek,
Ene topragym
Gyzgyn gujagynda göterýär meni.

 

BIZ GYRNAK

Biz gyrnak,
Bilýäris
Gyrnaklygmyzy,
Şoñ üçin dört ýere bölýäs ýüregmiz.
Ine, ýüregmiziñ bir böleginde
Gussaly ýaşlygmyz hem ajal ýetyr.
Gün gerekmi?! –
Tümlük?
Isläniñ saýla!
Çözmesi kyn. Elhenç…
Şu jedel ýatyr.

Ýüregmiziñ beýleki bir bölegi
Eýlenipdir sowuk garaýyşlara.
Zynjyrsyz baglanan
El-aýaklarmyz –
Ýan bermelimişin
Gara gyşlara.

Üçünji bölegi ýüreklermiziñ
Tutuşlygna eýlenipdir hyjuwa.
Bu ýerde ýigrenç bar gyrnaklygmyza,
”Baky” berilipmi gyrnaklyk bize?!

Ine, ýüregmiziñ soñky bölegi,
Bu ýerde näm bolýar?!
- Semiz jenaplar…
Dar kabinetlerde möhür basýarlar,
Basgylap,
oñat aýdymlarmyza
Gyrnaklygmyz bilen,
Baha kesýärler.

Olar baha kesýär enelerine,
Olar baha kesýär ene ýerine,
Olar baha kesýär öz-özlerine,
Olar möhür basýar öz ýüzlerine.

Biziñ ýüreklermiz bütewilikde
Ýene aýdym aýdýar gyrnaklyk hakda.
Müñläp kemsidilen ykballarymyz
Asyrlardan galan sowgatmy ýere.
Gyrnak ýüreklermiz ýaşamalymy,
Meñzäp asmandaky ýedigenlere.

Gan algysy barmy, asyrlañ bizden,
Biz şuny soraýas ogullarmyzdan?!

***
Giñ asmana ak bulutlar düşelip,
Durnalañ hatary gizlenýär gökde.
Gör, kimler bu pursat ýeriñ üstünde
Ajap düýş görýäler geljegi hakda.

Adamlar, belent siz. Bilýärin muny,
Ýöne siziñ garaýşyñyz dogrumy?!
Ene ýatlanylsa, söýülse Watan,
Aýal gyrnak bolup, çekermi gamy?

Är ýigitler heý-de ýaşap bilermi,
Taşlap gam deñzine naçar uýasyn?
Aýdyñ, ak bulutlar, Elvira gyza,
”Biz gyrnaklar” diýip, ol aglamasyn.

GÖZLEDIM SENI

Bahar güller açanda,
Saýrap, guşlar uçanda,
Güneş nurun saçanda,
Janym, gözledim seni.

Ýodalardan, ýollardan,
Uzak-uzak illerden,
Gülälekli gollardan,
Gülüm, gözledim seni.

Bakdym belent daglara,
Serçemenli baglara,
- Gel, läläm, gara maña! –
Diýip, yzladym seni.

Ýürek aglar gün-günden,
gyz, gizlenme menden.
Gara gözleñ içinden
Saýlap gözledim seni.

GARŞYLAÑ GYZLARY

Owadan, siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleñ eýesi, guşlañ eýesi.
Hüşermäñ, oglanlar, göriplik etmäñ,
Gözellik gyzlaryñ baky mirasy.

Görýäs biz olary uzak ýollarda,
Görýäris zavodlañ gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlañ her günde.

Gyzlar baş daraýar aýnañ öñünde,
Gün äpet göwresin sallanda ýere.
Goý, olar beslensin, goý, beslenmesin,
Deñemäñ görklerin göwhere-zere.

Gün gizlenýär äpet gomlañ teýinde,
Barýar gyzlar köçelerden howlugyp.
Baýyrlañ üstümi, köprüleñ gerşi,
Parhy ýok, oglanlar, garşylañ gülüp.

Garşylañ siz syr saklaman ýürekde,
Boluñ siz näzijek gyzlañ eýesi.
Düşüniñ, oglanlar, aýañ gyzlary,
Gözellik gyzlaryñ baky mirasy.

TÜRKMEN OGLANY

Garañkylyk sowlup gitdi bireýýäm,
Parlak Gün lowurdap şöhlesin saçdy.
Kanalmyzyñ köprüsiniñ üstünden
Kombinzonly türkmen oglany geçdi.

Güldürip owadan goýun gözlerin,
Daş köprüden bäri bakan pillesi,
Ol gözler şeýle bir jadylap meni,
Dikildi ýüregme yşgyñ güllesi.

Töwerege aralaşyp ümsümlik,
Bulutlar seýl etdi mawy asmanda,
Ýüregimi ýesir edip ýüregne,
Özüm gitdim, ýürek galdy şol ýanda.

***
Söýemok men bu jahanda
Ýaranjaklap gün görmäni.
Ýagşy görýän beýle günden
Öz ajalma jan bermäni.

Niçik bolar şemal ýaly,
Çar tarapa öwsüp dursam?
Ýan bermeli bolar onda,
Garşymda gaý, tupan görsem.

Dönmerin öz pikirimden,
Atsalar-da ýanar oda.
Ömrüm boýy hyzmat etjek
”Ynsan” diýen belent ada!